Biz barada

«Gözel çaglar» hususy kärhanasy 2016-njy ýylyň 23-nji martynda döredildi we şol ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy boldy. 2017-nji ýyldan bäri Aşgabat halkara howa meýdanynda söwda işini alyp barýar.

Kärhanamyzyň esasy maksady — ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemekdir we bu ugurda uly işler alnyp barylýar. 2018-nji ýylyň 2-nji martynda kompaniýa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň päsgelçiliksiz söwda dukany (DUTY FREE) eýeleriniň reýestrine girizildi.
Häzirki wagtda ol birnäçe päsgelçiliksiz söwda dukanyny (DUTY FREE) dolandyrýar we dünýä tejribesine esaslanyp, gün-günden kämilleşýär. Kärhanamyzyň maksady — dünýä ykdysadyýetinde öz ornuny tapmak we dünýä bazaryna çykmakdyr.

«Gözel çaglar» hususy kärhanasy
Bizim salgymyz: 740001 Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 593-nji jaý
E-poçta: gozelchaglar@gmail.com
Telefon belgiňiz: +993 60165770

Isleglerňiz we soraglaryňyz bar bolsa, biziň bilen habarlaşyp bilersiňiz.